- Türkmenistanyň häkimiýetleri daşary ýurtdaky türkmen raýatlarynyň diplomatik wekilhanalar arkaly pasportlarynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürýärler we raýatlaryň Türkmenistana dolanmaklaryny talap edýärler.
- Bu syýasat Türkmenistanyň hökümetiniň raýatlaryň hereket azatlygyna päsgel berýän we ýurt daşynda raýatlaryny gözegçilikde saklaýan birnäçe usullardan biridir. Düzüwli pasporty bolmazdan, türkmen migrantlary resminamasyz galýarlar we köp sanly sosial we ykdysady kynçylyklara duçar bolýarlar.
- Türkmenistan dünýädäki konsullyk we diplomatik wekilhanalary arkaly türkmen raýatlaryna pasport bermelidir. Türkiýe we türkmen migrantlaryny kabul edýän beýleki ýurtlar yzarlanmalara ýa-da gynamalara sezewar boljak türkmen migrantlaryny zor bilen Türkmenistana gaýtarmaly däldirler, ykdysady we sosial hukuklaryndan mahrum etmeli däldirler, sebäbi türkmen häkimiýetleri olaryň daşary ýurt pasportlarynynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürýärler.
(Berlin, 2024-nji ýylyň 11-nji noýabry) - Türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtdaky raýatlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürmegi, olaryň hereket azatlygyna päsgel berýär we agyr kynçylyklary döredýär diýip, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy (THF) we Human Rights Watch guramalary şu gün çap eden hasabatynda mälim etdi. Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan köp sanly türkmen raýatlary üçin pasportyň möhletiniň uzaldylmagy çynlakaý problema öwrüldi.
"'Men kapasada ýaşaýan ýaly': Türkmen häkimiýetleriniň Türkiýede we beýleki daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryna pasport bermekden ýüz öwürmegi” sözbaşy bilen düzülen 70 sahypalyk hasabatda hökümetiň aşa repressiw ulgamynyň çäginde hereket azatlygyny çäklendirmek ugrundaky tagallalary esasynda Türkmenistanyň daşynda pasportlaryň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürmegi beýan edilýär. Bu guramalar türkmen häkimiýetleriniň pasportyň täzeleniş hyzmatlaryny bermekden ýüz öwürmegi netijesinde Türkiýede resminamasyz galan türkmen migrantlarynyň gündelik durmuşynda başdan geçirýän kynçylyklaryny we päsgelçiliklerini dokumentleşdirdiler. Türkmen hökümetini açyk tankytlaýanlara ýa-da geçmişde tankyt edenlere Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy abanýar we ol ýerde olar gazaply repressiýa, esassyz tussag edilmek, türmä basylmak we gynalmak howpuna sezewar bolaýarlar.
"Türkmen häkimiýetleri bilkastlaýyn öz raýatlaryny daşary ýurtlarda ykdysady we sosial kynçylyklara sezewar etmek bilen, olaryň Türkmenistana gaýdyp barmaklaryna basyş edýärler” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiriniň orunbasary Reýçel Denber belledi. “Türkmenistan bu tejribäni haýal etmän bes etmelidir we adamlaryň hereket azatlygyna bolan hukugyna hormat goýmalydyr" diýip, ol sözüne goşdy.
Human Rights Watch guramasy Türkiýede hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan 17 türkmen raýaty bilen söhbetdeşlik geçirdi. THF Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlary bilen geçiren 40 sany söhbetdeşlikden toplanan maglumatlaryny Human Rights Watch guramasyna gowşurdy. Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy türkmen we türk hökümetleri tarapyndan çap edilen resmi maglumatlary we beýannamalary hem gözden geçirdi. Şeýle hem, Türkmenistanda, ýagny adam hukuklaryna gözegçilik edýän garaşsyz edaralaryň barlaglary üçin ýapyk bolan aşa repressiw hökümetli ýurdunda bolup geçýän wakalar barada yzygiderli, ygtybarly maglumat berýän garaşsyz habar beriş serişdeleriniň hasabatlaryna we daşary ýurtly türkmen migrantlarynyň ýagdaýlaryna HRW guramasy syn berdi.
Human Rights Watch we THF guramalary türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürmekleriniň migrantlaryň ýaşaýan ýurtlarynda kanuny status almak mümkinçiligine päsgelçilik döredýändigini mälim etdiler. Bu ýagdaý migrantlaryň iş üpjünçiligine we amatly iş şertlerine, ýaşaýyş jaýyna, saglygy goraýyş hyzmatyna, çagalarynyň bilim almagyna we olaryň öz maşgalalary bilen habarlaşyp durmak mümkinçiligine zyýan ýetirýar.
Türkmen konsullygynyň işgärleri pasportynyň möhletini uzaltmak barada ýüz tutmaga synanyşýan türkmen raýatlaryna täze pasportlaryň diňe Türkmenistanda ýaşaýan ýerlerinde berlip ýa-da täzelenip bilinjekdigini aýdyp, bu inkär edilmeleriň kanyny esaslaryny mälim etmediler. Dokumentleşdirilen üç ýagdaýda bellenilişine görä, olar Türkiýede doglan türkmen raýatlarynyň çagalaryna dogluş hakyndaky şahadatnama bermekden hem ýüz öwürdiler, bu ýagdaýda-da, Türkmenistana gaýdyp, şol ýerde ýüz tutmalydyklaryny aýtdylar.
Türkmenistan adam hukuklaryny goraýjy birnäçe şertnamalary, şol sanda erkin hereket etmek azatlygyny (12-nji madda) we beýleki degişli hukuklary goraýan Raýat we Syýasy Hukuklar baradaky halkara şertnamany kabul etdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşi we şertnamanyň düşündirilşine gözegçilik edýän bilermenler edarasy tarapyndan, erkin hereket etmek hukugynyň "zerur syýahat resminamalaryna eýe bolmak hukugyny öz içine almalydygy" we hökümetiň "daşary ýurtda ýaşaýan raýatynyň pasportyny täzelemekden ýa-da möhletini uzaltmakdan” ýüz öwürmeli däldigi, şeýle hem, “ raýatynyň öz ýurduna pasportsyz dolanyp bilmelidigi” aýdyňlaşdyrylypdy. Geňeş Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan kabul edilen şol kararlaryň şertnamany bozýandygyny anyklady.
Guramalaryň bellemegine görä, daşary ýurtlarda pasportlary we beýleki möhüm resminamalary täzelemekden boýun gaçyrmaklyk Türkmenistana dolanmaga adamlara basyş etmek üçin niýetlenendir we transmilli repressiýanyň bir görnüşidir. Türkmenistanyň hökümeti başgaça pikirlere ýol bermeýär. Aktiwist bolan ýa-da daşary ýurtda hökümeti aç-açan tankyt eden türkmenler ýurda gaýdyp baran ýagdaýynda tussag edilmek, türmä basylmak, gynamalar we beýleki adam hukuklarynyň bozulmagy ýaly ar alyş yzarlanmalara sezewar edilýär. Meýletin gaýdyp baran beýleki adamlar özbaşdak syýahat gadagançylyklara duçar bolýarlar.
Türkiýedäki bir aktiwist şeýle diýdi: “Men Türkmenistana gaýdyp barmadym, sebäbi… gaýdyp baran ýagdaýymda, ýurtdan çykmagymyň gadagan edilmeginden howatyrlanýardym”. “Meniň daýym 2012-nji ýylda Türkmenistana gaýdyp bardy, olara [daýyma we aýalyna] migrasiýa gullugy tarapyndan täze pasportlar berildi, ýöne Türkmenistandan Türkiýa dolanmakçy bolanlarynda, olara çykmaga rugsat berilmedi” diýip, ol nygtady.
Human Rights Watch we THF guramalary Türkmenistanyň hökümetiniň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň Türkmenistana gaýdyp barmazdan pasportlaryny täzeleniş hyzmatlaryndan peýdalanmagyny üpjün etmelidigini aýtdylar. Häkimiýetler esassyz talaplar ýa-da bikanun çäklendirmeler bolmazdan, dünýädäki degişli diplomatik işgärleriniň üsti bilen pasport bermäge we çalyşmaga hökman başlamalydyrlar.
Türkiýe we türkmen migrantlaryny kabul edýän beýleki ýurtlar yzarlanmalara, gynamalara ýa-da başga agyr howplara sezewar boljak adamlary deportasiýa etmeli däldirler ýa-da başga ýol bilen gaýtaryp bermekden saklanmalydyrlar we şeýle howplaryň abanýandygyny beýan edýän adamlara gaçybatalga soramaga rugsat bermelidirler. Şeýle hem, türkmen migrantlarynyň ykdysady we sosial hukuklaryndan peýdalanmaklaryna päsgelçilik döretmeli däldirler, sebäbi türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda olaryň pasportlarynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürýärler.
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary türkmen hökümetini ähli türkmen raýatlarynyň erkin hereket etmek hukugyny üpjün etmek borjuny ýerine ýetirmäge, şol sanda raýatlaryna pasport we beýleki zerur resminamalary bermäge çagyryş etmelidirler. Şeýle hem, olar pasportlarynyň möhletini uzaltmagy gadagan edilen türkmen migrantlaryna, esasanam Türkiýede, kömek edýän hökümete degişli bolmadyk guramalary goldamalydyrlar.
Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigul Begmedowa: "Ähli türkmenleriň pasport almaga, onuň daşary ýurtlarda täzelenmegine we kabul edýän ýurtlarda sosial we ykdysady hukuklaryndan peýdalanmaga haklary bardyr" diýip belledi. "Türkmen hökümeti bu hukuklaryň berjaý edilmegini üpjün etmelidir we türkmen raýatlarynyň pasport we beýleki möhüm resminamalary almak baradaky arzalarynyň daşary ýurtlardaky konsullyk hyzmatlary arkaly kanagatlandyrylmagyny haýal etmän durmuşa geçirip başlamalydyrlar."